Surreal Template Image

05.20.2009 RAHYM ESEN GUDUZLAPDYR,
Yone bu kesel onda onrakden bardy…

By Saparmurad Ovezberdi

1. Rahym Esenin oyunde

Men gurrune basdan baslayyn... Rahym Eseni Turkmenistan Yazyjylar guramasynyn baslygy edenlerinden son, gunlerin birinde men onun oyune myhmancylyga bardym. Ayalyma bir tamdyr corek bisirdip, Rahym Esenlere sowgat eltdim. Yanymda kicijik oglum hem bardy.

Gaytjak bolanymyzda Rahym Esenow holodilnikden (sowutgycdan) suyji cykardy-da, oglum Rowsene uzatdy. Oglum oy eyesinin beren sujusini halaman, gapynyn agzyna cykanymyzdan ony Esenowyn hayatynyn ustunde goydy. “Men bu porsy suyjuni iyerinmi?” diyip, kicijik oglum aytdy. Cunki Rowsen Litvanyn suyjulerini iyip yoren cagady, Rahym Esenin hodur eden suyjusini caganyn namucindir yuregi almady...

2. Rahym Esenin myhman Kabul edisi

Gunlerin birinde Litwanyn paytagty Wilnyusyn "Vaga" nesirjatyndan iki redaktor Vitavtas Visochkas bilen Vitavtas Martishus Asgabada myhmancylyga geldiler. Olar Turkmenistana menin cakylygym boyunca gelipdiler. Myhmanlary Rahym Esenow kabinetinde kabul etdi. Olar bolsa gurrundeslikde Esenovyn kitabyny litva dilinde nesir etmage soz berdiler. Ertesi Rahym myhmanlary we meni Powruza akitdi. Oktyabr ayy bolanson, yagys yagyp durdy, Powrizede adam azdy, tukatlykdy. Rahym Esen bizi Powrizanin icinde kan aylady. Ol bir zada garasyan yalydy. Litvaly myhmanlar bir tarapa cekildilerem welin, Rahym Esen menin gulagyma cawus cakdy: - Hazir Bagyra baryp naharlanarys, ol yerde bir oyde biz ucin nahar bisip dur...

Bagyra baryp, Nusay galasyna syn etdik. Sonra Bagyr oba Sowetinin jayyna bardyk. Ol yerde Seker atly ayal bizin onumize sakaselerde towuk corbasyny getirip goygy. Alkogol icgileri yokdy. Nahar edinenimizden son Rahym Esen bizi Asgabada getirip, myhmanhananyn onunde taslap gitdi... Men Litvaly dostlarymy sol bada oz oyume getirip, olary turkmencilige mynasyp, adam sekilli mazaly hezzetledim.

Bu adamyn olemen gysgancdygyny, oz oyunde ile sacak yazman, basarsa, hatda hut oz myhamanlaryny hem kisinin oyunde naharlayandygyny men son hem kan gezek gordum.

3. Rahym Esen oz 50 yas toyuny kimin hasabyna toylady?

Rahym Esen 1976 yylda 50 yasynyn toyuny toylady. Ol sonda, hamana oz oyunde oylanlik yok yaly, garypsyrap, oz toyuny Edebiyat fondunyn hasabyna sowdy. Ahli cykdajylary edebiyatyn halk arasynda yayradylmagy ucin niyetlenen serisdelerin hasabyna etdi, ozunden hatda gara kopugem cykarmady!

Onun eden bu galplygy derrew sorag doretdi. Ony Turkmenistanyn Ministrler Sowetinin kadrlar boyunca bolum muduri Smit yanyna cagyrdy. Ol ona seyle diyyar: - Rahym Magtymowic, sizin ustunizden arza bar. Size parahor diyyarler, ustesine-de oz garamagynyzdaky edaranyn hasabyna yubiley toyunyzy geciripsiniz. Bu nahili masgaracylyk? Hokumet sizi Yazyjylar guramasyny tozduryn diyip, ona yolbascy goyan daldir-a!

Rahym Esen tilki sapalagyny atyp, hank-hunk bilen Smiti ynandyrjak boldy. Emma Smit ona ynanmady, dine asa gecirimlilik edip, sol gezek parahor Rahym Eseni ujuz sypdyryp goyberdi.

4. Pul berilmese, soz azatlygyny natsin!

Ol dowurde men entek Asgabatda yasayardym. Onson gunlerin birinde meni "Azatlyk" radiosynyn Turkmen gullugy Praga 20 gunluk komandirowka cagyrdy. Praga gelsem, radionyn edarasynda Rahym Esen otyr. Men muna, dogrusy, gaty hayran galdym. Ony gullugyn mudiri Zerip Nazar Moskvadan bu tayyk bir aylyk komandirowka cagyrypdyr.

Radioda ilkibasda gundelik sowalga ucin ep-esli pul berilyar. Ol pul gun gecdigice azalyp-azalyp, ahyr sonunda has azajyk bolup galyar. Muny anan Rahym Esen derrev yzyna gaydarman boldy. Pul berilmese, ol soz azatlygyny basyna yapsynmy! ”Azatlyga” ol petde-petde pul alaryn diyip, baran bolsa natjek. Berilyan pula gowni yetmanson, ol derrew Moskva gitjek diyip, dyzap baslady.

Zerip Nazar sonda Rahym Esenin ustune mazalyja gygyrdy:
- Ozal-a sizi cagyrmak is bolyar. Gelenizden sonam mohletinizden on yza gaytjak bolup, mana yene azar bolyanyz!

Emma Rahym Esene pul bolsa bolyar, gygyrdyn na, gygyrmadyn na! Gayta ol sol gezegem Sowet dowrunde durli edaralardan mekirlik bilen artyk hak alsy yaly, ”Azatlyk” radiosyndadan hem koprak pul almak ucin jan etdi, mekirlik ulanjak boldy, emma onun bu pyrryldagy basa barmady.

5. Yurekbulanc ownukcyllyk

Rahym Esen Asgabatdan dasary yurtlara telefon etmeli bolanda, oz oyunden jan etmezdi, basarsa, ilin oyunden jan ederdi. Bir dowurde meni hem halys irizdi. Bir yere jan etmeli bolsa, derrew menin oyume ylgap gelyardi. Ol bir gorsen, menin oy telefonymdan Minwoda ayalynyn doganlaryna telefon edyandir, yene bir gezekde Moskva Yazyjylar guramasyna, basga bir gezekde "Literaturnaya Rossiya" gazetinin redaksiyasyna telefon edyandir. Garaz, menin hasabyma telefonymy ulanmak Rahym Esene halys endik boldy...

Rahym Esen gaty mekir adam. Bu setirleri okap, onun ”Menin oy telefonym dinlenyardi, sonun ucin ilinkiden til kakyardym” diyen yaly bolgusyz bahana tapmagy mumkindir. Emma men bu pirimi bada-bat ret edyarin. Sebabi eger dinlenmeyan telefon gerek bolsa, ol hic hacanam menin oyume gelmezdi. Sebabi Asgabatda kimdir birinin telefony dinlenyan bolsa, meninki hem dinlenyardi. Muny ozalky NKVD-ci bilman, eyse, kim bilsin?!

Yok, bu hasiyet onun acgozluginden bolyan zatdy. Ol oz bolsunyn yurekbulanc ownukcyllykdygyna ya-ha dusunenokdy, yogsa-da dusunesi gelenokdy. Puluna dozse, oz oyunde-de telefon bar ahyryn, emma ilin hasabyna yasamak islegi onun ucin halys endik bolup gidipdir. Ol muny hatda kemcilikdirem oydenok.

6. Gyzamykdan galan kesel…

Yone kimdir biri bu endik Rahym Esende son dorandir oytse, gaty yalnysar. Men muna bir gezek totanden goz yetirdim. Sebabi entek SSSR dowrunde, bir gezek Kirow rayonynyn (hazirki “Babadayhan” etraby) "Taze yol” kolhozyna yazyjylar bolup, komandirowka baranymyzda kolhozyn bas hasapcysy Rahym Esen hakda mana seyle tasin zady gurrun berdi:
- Rahym bilen men oglanlykdan bile oynap osdum. Bigayratdyr, ol guduzlandyr, para almaga okdedir, kesekinin asyna mydam gorsen hargulak yaly topulyandyr. Asyl biz-a sonun garnynyn doyanyny gormedik.

Gornusine gora, enceme pis gylyklar bu adamda oglanlykdan bar bolsa natjek! Belki, turkmenler aytmyslayyn, Rahym Esende bu keseller gyzamykdan galandyr?..

7. Kardesleri Rahym Esen hakda

"Azatlyk" radiosynyn Asgabatdaky statdan dasary habarcysy Asyrguly Bayryyew mana bir gezek seyle diydi:
- Rahym Esene ”nahar bisip dur!” diysen, ylgap geler, edil ac gurdun bar-da!

8. Hroniki acgozluk

Rahym Esenin guduzlan ite menzesdigini yene bir goren wakam bilen subut edip biljek.

Birnace yyl mundan ozal Amerikanyn Birlesen Statlarynyn (ABS-nyn) Asgabatdaky ilcihanasy meni Berzennidaki edarasynda tutan Amerikanyn dowlet Garassyzlyk gununin bayramcylygyna cagyrdy. Menem ilcihana yuz tutup, Rahym Esendir onun gyzy Maya ikisine cakylyk hatyny aldym. Yone sonda men oz eden isime okunmeli boldum…

Sebabi toy gidip durka Rahym Esen bilen gyzy Maya edil 7 yyl aclykdan cykan yaly bolsup, aldygyna zat symyslayardylar! Olar stolun ustundaki cakyrlary yetisip bildiklerine gulkudyp, bokurdaklaryna guyup, yuwudyp gidip otyrdylar, asyl durar yerde durmadylar! Yone entek bu-da masgaracylygyn hemmesi dal eken. Ataly-gyz garynlaryny gojanleri bilen onman, oylerine gitmezden on stolun ustundaki iymitlerden sumkalaryna dykysdyryp basladylar. Kesesinden synlap, men Rahym Esen bilen gyzynyn bolsundan erbet utandym. Adam ac bolup biler, hor bolup biler, yone beyle acgoz bolup bilmez ahbetin!

Ataly-gyz ucin welin, bary bir kopukdi, olar hamana hic zat bolmadyk yaly, sumkalaryny iygi-icgiden dolduryp, Amerikanyn ilcihanasyndan yaykanysyp, cykyp gitdiler…

9. Rahym Esen – ganhor NKVDN-in isgari

Gecen asyryn 90-njy yyllarynyn baslarynda Turkmenistanyn urus weteranlarnyn genesinde bolan maslahatda general Terentyew Rahym Esene ursa gatnasanlygy ucin diylip, yokary pensiya berilyandigini, emma onun ursa gatnasman, dine tylda yapon yesirlerinin turmesini saklandygyny, aslynda Rahym Esenin NKVD-nin isgari bolandygyny doly subut etdi.

2008-nji ylda Turkmenistanyn weteranlar genesinde Beyik Watancylyk ursunyn yyl donumi mynasybetli ozal ursa gatnasan turkmen esgerlerinin hersine 800 mun manatdan (40$) sylag berildi. Rahym Esene sonda ursa gatnasmasa-da, mekirlik bilen weteran adyny alanson, her halda bos goyman, hakyky urus weteranlarynynkyn gylla yaryny, yagny 400 mun manat (20$) sowgat berdiler. Sebabi urus weteranlary Rahym Esenin hakyky urus weterany daldigine beletdiler. Olary aldamak mumkin daldi. Sonun ucinem ol bu namart adama ozleri bilen den hak berilmegine mydama garsydylar.

Emma Rahym Esen sonda aldygyna nadaralyk edip baslady. Ol derrew "Azatlyk" radiosyna interwyu berip, ”dat, menin hakym iyilyar!” diyip, goh turuzdy:
- Mana az pul berdiler. Turkmenistanyn Prezidentinin bu islerden habary yokdur, yogsam ol pulumy kopelderdi.

Her nace halymsyrasa-da, zeyrense-de, weteranlar genesi onun ozi bilen den bolman, gecirimlilik edip, Rahym Esene her yylda Bayramalydaky kurorta mugt putewka beryar, ozi-de ol putewkalar gorguli weteranlaryn hasabyna berilyar. Galyberse-de, bu acgoz adam sahel kesellese, derrew ony hokumet keselhanasynda mugtuna bejeryarler. Emma bu hakda Rahym Esen hic hacan "Azatlykda" dil yaranok.

Sebabi bu adam edil guduz keseli degen yaly, ol ”Alaryny bilse, Allasyna garamazlardan”. Guduzlanda dil barmydyr beri! Guduzlanyn dine awuly disleri bardyr, ol hem dine onune oklanan sunkleri gemirmek ucin!

Wasington,
12-nji may, 2009.